Türkmenistanda integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy. Şeýle hem degişli ýygymlaryň möçberi bellenildi. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 19-njy iýulda gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmegi maksat edinýär. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylýar. Maksatnamanyň çäklerinde 2023-nji ýylda “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin alynýan ýygymlaryň möçberi we olary tölemegiň Tertibi Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir