“Barselona” klubuň 125 ýyllygyna bagyşlanan täze eşigiň satuwy başlanandan soň ilkinji gün rekord mukdarda köýnekçe satdy. Resmi dükanlaryň üç sagat işiniň dowamynda geçen ýyl tutuş bir günde satylan bilen deň mukdarda köýnekçe satyldy. Nike brendi tarapyndan adaty gök-gyzyl reňklerde ýerine ýetirilen täze öý eşigi uly isleg döretdi. Aýratynam, 17 ýaşly ispaniýaly oýunçy Lamin ýamalyň 19-lyk belgisi we ady bolan köýnekçelere uly isleg bildirilýär. Geçen möwsüm Ýamal “Barselona” üçin La Ligada 37 oýna gatnaşyp, 5 gol geçirdi we 5 netijeli geçirim etdi. Ol Ýewro-2024-de bir gol we dört assist bilen tapawutlanyp, ýaryşyň iň gowy gol kömekçisi we iň ýaş oýunçysy boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir