Günorta Dakotanyň Rapid-Siti şäherinden 17 ýaşly amerikaly Ruben Luks ýetginjek ýigitleriň arasynda iň uzyn saçy ösdürip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň saçynyň uzynlygy 161 sm barabar. Ruben iki ýaşyndan bäri saçyny kesdirmedi. Ol saçynyň uzynlygy 146 sm bolan hindistanly Sidakdip Singh Çahalyň rekordyny täzeledi. Luksyň ene-atasy ilkibaşda oglanyň saç gyrkýan maşinkadan gorkýandygy sebäpli saçy kesmezlik kararyna geldiler. Ulalandan soň oglan öz taýpasynyň däplerine laýyklykda saçyny ösdürmegi dowam etdi. Ýetginjek lakota halkynyň medeniýetinde uzyn saçlaryň olaryň ruhunyň bir bölegi hasaplanýandygy aýtdy. Şeýlelik bilen ýigit öz halkynyň däp-dessurlaryny dowam etdirýär. Adatça, ol saçyny uzyn örüm edýär, her gün irden 20 minut wagty saçyny şampun we kondisioner bilen ýuwmaga sarp edýär, bir sagat guradýar, soň çözlemek, daramak we örmek üçin ýene 10 minut gerek bolýar. Rekordy hasaba almak üçin, Luksyň saçy üç gezek ölçenildi, ahyrynda 161 sm ortaça görkeziji alyndy. Ähli ýaşdaky erkek adamlaryň arasynda saç uzynlygy boýunça rekord Madrasdaky (Hindistan) Tirudaduturaý monastyrynyň başlygy Swami Pandarasannadhä degişlidir. 1949-njy ýylda onuň saçynyň uzynlygy 7,9 metrdi. Umumy ýetginjekleriň arasynda iň uzyn saç Hindistandan Nilanşi Patelde hasaba alyndy – dogry 2 metr. Gyz saçyny 2021-nji ýylda kesdi we muzeýe bagyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir