Futbol Assosiasiýasy (FA) Angliýanyň futbol boýunça erkekler ýygyndysyna täze baş tälimçiniň gözlenilýändigi barada bildiriş ýerleşdirdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Mümkin bolan dalaşgäre UEFA-Pro ygtyýarnamasynyň bolmagy, Angliýanyň premýer-ligasynda ýa-da beýleki halkara ýaryşlarynda uly iş tejribesiniň, iňlis futbolçylaryny ösdürmek tejribesiniň bolmagy, stresse durnuklylyk, ýokary basyşda işläp bilmek başarnygy ýaly birnäçe talaplar bildirilýär. “Üç ýolbarsyň” öňki halypasy Garet Sautgeýtdi, ol ýakynda ýygyndyny meýletin terk etdi. Angliýaly oýunçylar yzygider ikinji gezek Ýewro ýaryşynyň finalyna çykdylar, ýöne bu gezek topar Ispaniýadan utuldy. Sautgeýt Ýewropa çempionatynyň iki finalynda utulan taryhda ilkinji tälimçi boldy. Berlindäki “Olimpiaşdation” stadionynda geçirilen duşuşyk ispaniýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ispaniýa taryhda dördünji gezek Ýewropa çempiony boldy. Angliýa bu ýaryşda heniz ýeňiji bolmady. Boş iş orny 2-nji awgusta çenli açyk bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir