Möwsümiň iki ýaryşynyň – Ýewropa çempionatynyň we Kopa Amerikanyň tamamlanmagy netijesinde FIFA milli toparlaryň reýtingini täzeledi. Kopa Amerikanyň ýeňijisi Argentina öňdebaryjylygyny saklady. Onuň hasabynda 1901,48 utuk bar. Ýewro ýaryşynyň ýarym finalynda Ispaniýadan utulan Fransiýa 1854,91 utuk bilen ikinji orunda saklandy. Angliýany utup, Ýewropa çempiony titulyna eýe bolan Ispaniýa 1835,67 utuk bilen sekizinji orundan üçünji orna çykdy. Angliýa dördünji orny eýeledi. Braziliýa Kopa Amerikanyň dörtden bir finalynda Urugwaýdan utulandan soň bäşinji orna düşdi. Argentina - 1901,48 Fransiýa - 1854,91 (8). Ispaniýa - 1835,67 (5). Angliýa - 1812,26 (4). Braziliýa - 1785,61 (3). Belgiýa - 1772,44 Niderlandlar - 1758,51 (6). Portugaliýa - 1741,43 (12). Kolumbiýa - 1727,32 Italiýa - 1714,29 Belläp geçsek, reýtingde iň uly ösüşi Amerikanyň Kubogynyň dörtden bir finalyna çykandan soň, 17 setir ýokary galyp, 37-nji orny eýelän Wenesuela görkezdi. Ösüş boýunça onuň yzyndan Türkiýe gelýär. Ýewro-nyň dörtden bir finala çykyş onuň 16 setir ýokary galyp, 26-njy orny eýelemegine mümkinçilik berdi. Kanada hem ýaryşda üstünlikli çykyşy netijesinde sekiz orun ýokary galyp, 40-njy orunda ýerleşdi. Çehiýa Ýewro-2024-de şowsuz çykyşy sebäpli 13 setir aşak düşüp, 47-nji orunda ýerleşdi – bu reýtingde iň uly pese gaçyşdyr. Şotlandiýa ýaryşyň toparlaýyn tapgyryndan çykandan soň dokuz orun – 48-nji orna çenli aşak düşdi. Türkmenistan reýtingde 1065,42 utuk bilen öňki ornunda galdy (144).

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir