Meşhur russiýaly boksçy Konstantin Szýunyň ogly, awstraliýaly professional boksçy Tim Szýu 22-nji sentýabrda ringe gaýdyp geler. Birinji orta agramda IBF-niň saýlama söweşi Awstraliýada geçiriler. Tim Szýunyň garşydaşy heniz kesgitlenmedi, ýöne FightSpace telegram-kanalynyň maglumatlaryna görä, ol Erikson Lýubin ýa-da Hesus Ramos bolup biler. Birinji orta we orta agram derejelerinde çykyş edýän Tim Szýu dünýäniň iň ussat söweşijileriniň biri hasaplanýar. Ol 2024-nji ýylyň mart aýynda BoxRec reýtinginde birinji orny eýeledi, şeýle-de WBO, WBC, IBF we WBA boýunça birinji orta agramda iň gowy boksçylaryň ilkinji onlugyna girdi. Tim Szýu BoxRec reýtingi boýunça birinji orta agram derejesinde awstraliýaly boksçylaryň arasynda birinji ýerde durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir