Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy elýeterli flagmanynyň täze görnüşini – Redmi K70 Ultra Lamborghini Edition smartfonyny anons etdi. Esasy wersiýa bolan Redmi K70 Ultra ýakynda eýýäm anons edildi, ýöne heniz satuwa çykarylmady. Täze hataryň resmi tanyşdyrylyşy 19-njy iýulda geçiriljek uly Xiaomi çäresinde bolar. Häzirki wagtda modeliň resmi, janly suratlary, şeýle-de ol barada giňişleýin maglumatlar elýeterli boldy. Lamborghini Edition dizaýny boýunça esasy wersiýa Redmi K70 Ultra-dan tapawutlanýar, onuň obrazy Huracan Super Trofeo EVO2 ýaryş awtomobilinden ylham aldy. Model iki esasy görnüşde – ýaşyl we mämişi reňklerde hödürlendi. Suratda smartfonyň yzky panelinde özboluşly formada esasy kamera bloguny we Lamborghini logotipini görmek bolýar. Mundan başga-da, gurluş bilen toplumda awtoulagyň stilinde ýerine ýetirilen gorag daşlygy, zarýad beriji gurluş we beýleki birnäçe aksessuar hödürlenýär. Modeliň aýratynlyklary: SoC MediaTek Dimensity 9300+, 1,5K durulygy we 144 Gs kadr ýygylygy bolan OLED ekrany, 50 Mp Sony IMX906 datçikli esasy kamera, 120 Wt kuwwatly zarýad beriş bilen 5500 mA/sag sygymly akkumulýator, suwdan we tozandan gorag (IP68). Belläp geçsek, bu Xiaomi bilen Lamborghini-niň eýýäm ikinji hyzmatdaşlygydyr – 2023-nji ýylyň ahyrynda bolan birinji hyzmatdaşlygyň netijesinde Redmi K70 Pro Lamborghini Edition çykdy, bu model 4,6 müň ýuana satyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir