2024-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginde täze awtomobil satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3% ýokarlanyp, 1,09 mln birlige ýetdi. Bu Ýewropanyň awtomobil öndürijileriniň assosiasiýasynyň (ACEA) maglumatlaryndan gelip çykýar. Esasy görkezijiler: Germaniýa: satuw 6,1% ýokarlandy (280 139 awtoulag satyldy) Italiýa: +15,1% (159 982) Ispaniýa: +2,2% (103 357) Fransiýa: -4,8% (181 709) Umumy Ýewropa boýunça (ÝB + Islandiýa, Norwegiýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa) satuw 3,6%, 1,311 mln birlige çenli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, ÝB-de elektromobil satuwy 1% peselip, 156 408 birlik boldy, bazarda olaryň paýy 15,1%-den 14,4%-e çenli azaldy. Awtoöndürijiler boýunça satuw: Volkswagen Group: +4,7% Stellantis: +0,4% Renault: +6,2% BMW: -4,6% Mercedes-Benz: -2,7% Toyota Group: +13,7% Hyundai Group: -6,9% Tesla: -6,1% (33 680 awtoulag) 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ÝB-de awtomobil satuwy 4,5% ýokarlanyp, 5,684 mln birlik boldy. Elektromobil satuwy 1,3% ýokarlanyp, 712 637 birlige ýetdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir