C&N Associates amerikan kompaniýasy Nurafşanda (Özbegistan) 1600 g meýdanda täze şäher gurmak isleýändigini mälim etdi. Taslama “akylly şäher” tehnologiýalaryny ulanmagy we 15-den gowrak maýadary özüne çekmegi göz öňünde tutýar diýip, respublikanyň Daşkent welaýatynyň häkimiýetine (administrasiýa) salgylanyp, Spot.uz habar berýär. Birinji tapgyrda ýerli baýlyklaryň esasynda gurluşyk materiallarynyň önümçiligi boýunça zawod gurmak meýilleşdirilýär. Smart-sitide ýerli ýaşaýjylary iş bilen üpjün etjek döwlet kärhanalaryny, lukmançylyk we bilim edaralaryny, şeýle-de senagat zolaklaryny we tehnoparklary gurmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Daşkent bilen Nurafşanyň arasynda ýokary tizlikli otlulary ýola goýmak meýilleşdirilýär. Daşkent welaýatynyň häkimi Zoýir Mirzaýew bilen duşuşygyň netijesinde taraplar bellenen ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada ähtnama gol çekdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir