Huawei kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyrynda Windows-a alternatiwa boljak PK üçin hususy operasion ulgamyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada insaýderleriň we pudak analitikleriniň maglumatlaryna salgylanyp, Tom’s Hardware portaly habar berýär. Huawei-niň saýtynda ýerleşdirilen suratlardan görnüşi ýaly, kompaniýa HarmonyOS Next operasion ulgamyny kompýuterlerde ulanmak üçin işjeň uýgunlaşdyrýar. HarmonyOS Next-iň interfeýsi, şol sanda ýagdaý setiri, dok-stansiýa we penjiräni dolandyryş düwmeleri Apple-iň macOS-yna meňzeýär. HarmonyOS mobil operasion ulgamy 2019-njy ýylda amerikan sanksiýalaryna jogap hökmünde işlenip düzüldi. Täze wersiýa HarmonyOS Next kompýuterlerden başga-da, Huawei-niň beýleki gajetlerinde hem işlär. HarmonyOS Next-iň tapawutly aýratynlygy AOSP kitaphanalaryndan we Android programmalaryndan doly garaşsyzlyk bolar. Sistema .apk faýllary işletmez. Häzirlikçe HarmonyOS Next-iň Hytaýdan daşary elýeterli boljakdygy ýa-da ýokdugy belli däl. Huawei-niň hytaý smartfonlary HarmonyOS-y ulanýar, halkara modeller bolsa Android-e esaslanýan EMUI-de işleýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir