WhoScored portaly Amerikanyň Kubogy – 2024-üň simwoliki toparyny düzüp, oňa degişli orunlarda iň ýokary ortaça baly bolan oýunçylary goşdy. Derwezeban: Rafael Romo (Wenesuela) Goragçylar: Daniel Munýos (Kolumbiýa), Kristian Romero (Argentina), Ronald Arauho (Urugwaý), Pýero Inkapie (Ekwador) Ýarym goragçylar: Hames Rodriges (Kolumbiýa), Federiko Walwerde (Urugwaý), Moýses Kaýsedo (Ekwador), Aleksis Makallister (Argentina) Hüjümçiler: Lionel Messi (Argentina), Salomon Rondon (Wenesuela) Sanawa ýaryşyň ýeňijisi bolan Argentina toparynyň düzüminden üç oýunçy girdi, ýöne onda Kubogyň esasy bombardiri Lautaro Martines ýok. Ol ýaryşda 5 gol, şol sanda finalda Kolumbiýanyň derwezesine ýeke-täk goly (1:0) girizip, “Altyn butsa” mynasyp boldy. Sanawa ýaryşyň guramaçylary tarapyndan iň gowy derwezeban diýlip bellenen Argentinanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Emiliano Martines hem girmedi, ol Amerikanyň Kubogynyň 6 oýnunyň 5-isinde gol sypdyrmady, şeýle-de 1/4 finalda Ekwador bilen oýundan soňky tapgyrda iki 11 metrlik urgyny gaýtardy (1:1, 4:2 pen.).

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir