Madridiň “Realy” Brand Finance konsalting kompaniýasy tarapyndan düzülen dünýäniň iň gymmat futbol brendleriniň reýtinginde “Mançester Sitini” gysyp çykaryp, birinji orna gaýdyp geldi. Geçen möwsümde Ispaniýanyň çempionatynda we Super kubogynda, şeýle-de Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan “Realyň” brend bahasy 16% ýokarlanyp, 1,7 mlrd ýewro boldy. Dowam edýän maliýe kynçylyklaryna garamazdan, “Barselona” üçünji orunda galdy. Dördünji orunda “Mançester Ýunaýted”, bäşinji orunda “Liwerpul” ýerleşdi. “Pari Sen-Žermen” altynjy orny Mýunheniň “Bawariýasyna” berdi. Ilkinji onlukdaky on klubuň altysy Angliýanyň premýer-ligasynda çykyş edýär. Brand Finance reýtinginiň ilkinji onlugy: (2). “Real” – 1,685 mlrd ýewro; (1). “Mançester Siti” – 1,611 mlrd ýewro; (3). “Barselona” – 1,542 mlrd ýewro; (4). “Mançester Ýunaýted” – 1,398 mlrd ýewro; (5). “Liwerpul” – 1,380 mlrd ýewro; (7). “Bawariýa” – 1,236 mlrd ýewro; (6). “PSŽ” – 1,208 mlrd ýewro; (8). “Arsenal” – 996 mln ýewro; (9). “Tottenhem” – 868 mln ýewro; (10). “Çelsi” – 838 mln ýewro. “Forbes” maý aýynyň ahyrynda “Realyň” bahasyny 6,6 mlrd dollar bilen bahalandyryp, ony ýene dünýäniň iň gymmat kluby diýip atlandyrdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir