Imon Kiweni Irlandiýany bir tigirli welosipedde 5 gün 5 sagat 23 minutda geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. 613 km uzynlykdaky syýahat adanyň iň günorta nokady Mizen-Hedde başlap, iň demirgazyk nokady Malin-Hedde tamamlandy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Kiweni günde 12 sagady ýolda geçirip, çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bir tigirli welosipediň birahat oturgyjy çep aýagyň topugynyň ep-esli çişmegine getirdi. Syýahatdan soň rekord eýesi iki hepde kadaly ýöräp bilmedi. Muňa garamazdan, Kiweni ýolda özünden soň badalga alyp, öňe geçen iki tigirli welosipedçiler toparyndan pellehana bir sagat ir gelmegi başardy. Syýahatyň netijesinde Kiweni öýsüz-öwzarsyzlara kömek edýän Simon Communities of Ireland haýyr-sahawat guramasy üçin 5,939 ýewro ýygnady. Bu Kiweniniň birinji rekordy däl. Ol 2016-njy ýylda aýakýalaňaç iň uzak syýahaty başdan geçirdi: rekord eýesi 2080 km geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir