“Barselonanyň” öňki futbolçysy Týago Alkantara klubuň tälimçiler toparyna goşuldy. Bu barada “Barselonanyň” resmi saýty habar berýär. “Ýakynda 33 ýaşynda oýun karýerasyny tamamlan Týago Alkantara geljek hepdeleri tälimçi hökmünde tejribe ýygnamak üçin Hans Flikiň toparynyň düzüminde geçirer. Öňki oýunçynyň tomsuň dowamynda esasy toparda galmagyna we ABŞ boýunça türgenleşik syýahatyna ugramagyna garaşylýar” – diýip, ispan klubunyň beýanynda aýdylýar. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýarym goragçysy Týago Alkantara 2024-nji ýylyň 8-nji iýulynda oýun karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Onuň soňky kluby Angliýanyň “Liwerpuly” boldy, mundan başga-da ol 2013 – 2020-nji ýyllarda Mýunheniň “Bawariýasynda” çykyş etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir