Xiaomi ertir, 19-njy iýulda täze akylly bilezigi bolan "Smart Band 9-yň" tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer. Dabarany kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun geçirer diýip, ITHome habar berýär. Bellenilişi ýaly, fitnes-treker metal korpusa eýe bolup, akylly funksiýalara we gowulandyrylan datçiklere eýe bolan täze displeý alar. Ekranyň ýagtylygy iki esse artyp, 1200 nite deň bolar, awtonom iş wagty bolsa 20 güne barabar bolar. Maglumatlara görä, ýürek urgusynyň we SpO2-niň datçikleriniň takyklygy 10% ýokarlanar. Mundan başga-da, enjama Bluetooth 5.4 oturdylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir