Hytaýda Volkswagen alyjylary özüne çekmek üçin täze Bora 200TSI sedanynyň bahasyny ep-esli arzanlatdy. Arzanlaşyklary, döwlet subsidiýalaryny we karzyna satyn almak tekliplerini göz öňünde tutmak bilen, awtoulagy 9 600 dollara satyn alyp bolýar. Bora 200TSI-niň çak edilýän bahasy 15,500 dollar bilen 19,800 dollar aralygyndadyr, ýöne Volkswagen arzanlaşyk bilen bilelikde öňünden tölegsiz we iň az göterim bilen karzyna satyn almak mümkinçiligini hödürleýär. Awtoulagy trade-in (könäni täzä çalyşmak) arkaly satyn alanyňyda, 1000 dollara çenli hökümet subsidiýasy bardyr. Mundan başga-da, mugt tehniki hyzmat hödürlenýär. Bora 200TSI-niň esasy wersiýasy kuwwatlylygy 85 kilowat bolan 1,2 litrlik turbo hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem awtoulag, iki ekran, gurnalan nawigator, LED optika, awtomatiki faralar we elektrik aýnalar bilen üpjün edilendir. Ozal habar berşimiz ýaly, Hytaýda Toyota Camry, Honda Accord we Volkswagen Passat ýaly meşhur modelleriň köpüsinde arzanlaşyk dowam edýär. Awtoulaglar 30%-e çenli arzanlaşyk bilen satylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir