Massaçusets ştatynyň žurnalistleri Nikolas Geýj bilen Nikolas Basbeýns OpenAI-y we Microsoft-y awtorlyk hukugyny bozmakda aýypladylar. Arzada kompaniýalaryň rugsatsyz we öwezini dolmazdan ChatGPT-ni taýýarlamakda žurnalistleriň işini yzygiderli ulanýandyklary aýdylýar diýip, Associated Press habar berýär. Geýj we Basbeýns awtorlyk hukugy bilen goralan eserleriniň, özleriniň razylygy bolmazdan, ulanylandygyny öňe sürýärler. Olar Jon Grişem, Jodi Pikolt we Jorj R.R. Martin ýaly beýleki meşhur ýazyjylar tarapyndan köpçülikleýin ýazylan arza goşuldylar. Žurnalistler OpenAI-yň nerw ulgamyna öwretmek üçin öz tekstlerini ulanýandygyna, şeýlelikde, olaryň pikirine görä, munuň hünärlerine howp salýandygyna alada bildirdiler. Geýj kompaniýanyň hereketlerini "talaňçylyk" diýip atlandyrdy we Basbeýns "öz tekstleriniň üstünde gaty köp işländiklerini, şonuň üçin olaryň rugsatsyz ulanylmagyna garşydyklaryny" nygtady. Kazyýet işine 2025-nji ýylda seretmek meýilleşdirilýär. Käbir awtorlar kazyýete ýüz tutýan bolsalar, beýlekileri kompaniýalar bilen aýlyk haklary barada gepleşik geçirmäge synanyşýarlar. MediaNews Group-yň (Daily News, The Mercury News, Daily Tribune, The Reporter we beýleki gazetler) ýerine ýetiriji redaktory Frenk Paýn AI-niň ösýändigine garamazdan, žurnalistika hiç zadyň howp salmaýandygyny, neýrosetiň janly söhbetdeşlikleriň we žurnalistik derňewleriň ornuny tutup bilmejekdigini aýtdy.