Samsung Apple Vision Pro-nyň bäsdeşi boljak garyşyk hakykat şlemini çykarmaga taýynlanýar. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna görä, “Moohan” diýlip atlandyrylan bu enjam 2025-nji ýylyň başynda, belki-de Galaxy S25 smartfonlarynyň görkezilişi bilen bir wagtda hödürlener. Şlem Google we Qualcomm bilen bilelikde işlenip düzülýär. Google Android VR operasiýa ulgamyny üpjün eder, Qualcomm bolsa Snapdragon XR2 Gen2 + prosessorlaryny berer. Smartprix-iň berýän habaryna görä, enjamda Samsung Display-iň Apple Vision Pro-dan has ýokary şekil hödürleýän 4K Micro OLED displeýleri bolar. Şlem özbaşdak hem, Galaxy smartfonlary bilen baglanyşykda hem işlär. Enjamyň bahasynyň Apple Vision Pro-nyňky ýaly, 3500 dollar töweregi bolmagyna garaşylýar. Çen bilen, Samsung XR diýip atlandyrylmagyna garaşylýan enjamyň 2025-nji ýylyň mart aýynda satylyp başlanmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir