Huawei kompaniýasy iki şarnirli we üç panelli ilkinji eplenýän smartfonyny satuwa çykarmaga taýynlanýar. Fixed Focus Digital insaýderiniň berýän habaryna görä, täze önüm ýakyn iki aýda bazara çykar. Enjamyň bahasy gymmat we sany çäkli bolar. Insaýderiň pikirine görä, Huawei bu eplenýän telefona “mümkinçilikleriň görkezilmesi” hökmünde garap, ony iPad planşetleriniň deregini tutjak enjamyň ornunda goýup biler. Açyk ýagdaýdaka smartfonyň ekranynyň diagonaly, takmynan, 10 dýuým bolar diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, öndüriji ekranda epinleriň görünmegini ep-esli azaltmagy başardy, bu şeýle enjamlaryň umumy meselesi bolup durýar. Fixed Focus Digital insideri kompýuterler üçin HarmonyOS operasiýa ulgamynyň täze wersiýasyny, iPhone SE4-iň suratlaryny, Huawei Pocket 2-niň görkezijilerini we iPhone 16-nyň reňk görnüşleri barada deslapky maglumatlary ilkinji bolup mälim edenligi bilen tanalýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir