Alymlar 1500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen gadymy müsürli zenanyň mumiýasy bolan “Gyzyl çaýylan hanymyň” 3D görnüşini döretdiler. Braziliýanyň meşhur 3D dizaýneri Sisero Morais barlagçylar topary bilen bilelikde dikeldiş işini amala aşyrdy diýip, New York Post ýazýar. Hünärmenler sanly portreti döretmek üçin Çikagodaky Tebigatyň taryhy muzeýinde saklanýan zenanyň daşa öwrülen süňkleriniň galyndylaryny öwrendiler. Süňkleri we bedeniň içki ulgamlaryny anyklamak, kompýuter tomografiýasy arkaly kelläni täzeden gurnamak üçin rentgen şöhlelerini ulandylar. "Ilki bilen KT skanerleri arkaly kelleçanagy täzeden gurduk, soň bolsa äňiň ýagdaýyny sazladyk – diýip, Morais gürrüň berdi. - Kelleçanak diri adamlaryň tomografiki skanerlerinden ölçenen maglumatlary ulanyp, burun, gulak, gözüň ýagdaýy we dodaklaryň çäkleri ýaly gurluşlary dizaýn etmäge mümkinçilik berýär". Görnüşi ýaly, “Gyzyl çaýylan hanymyň” diri wagty “näzik, ýaş ýüzli”, derisi ýylmanak we gysgadan seçelenip duran saçly bolupdyr. Ol dişleriniň gysylmagyndan ejir çekipdir we eňeginde şepbik tokgalary tapyldy, olar mumiýalanan wagtynda goýlan bolsa gerek. Aýalyň ady belli bolmasa-da, jaýlanyş usuly onuň orta gatlaga degişlidigini görkezýär. Ondan öň Morais we onuň kärdeşleri gadymy adamyň, orta asyr alymy Nikolaý Kopernigiň, faraonlar Ramses II-niň, Amenhotepiň we söweşde wepat bolan Sekenenr Tao II-iň keşbini dikeldipdiler.