Karib adalarynyň ýaşaýjysy Jared Brik bir ýarym ýyl mundan ozal Karib deňzinde suwuň astynda ýüzüp ýörkä Apple Watch sagadyny ýitirdi. Sagady tapyp bilmänligi sebäpli, Brik enjamy ýitirilen diýip bellemek üçin Apple-iň Find My funksiýasyny ulandy. Bir ýarym ýyldan soň, Jonatan diýen biri sagady tapyp Brige habar berýär. Apple Watch-iň şunça wagtlap okeanyň düýbünde ýatyp, zarýad berlenden soň işläp başlamagy eýesini geň galdyrýar. Bu hekaýa, Apple gadjetleriniň daşky täsirlere garşy goragynyň ýokary derejededigini subut edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir