Koreýaly alymlar mikrotolkun sintezini ulanyp, Aýyň topragyndan kerpiç ýasamanyň innowasion usulyny oýlap tapdylar diýip, New Atlas ýazýar. Journal of Building Engineering žurnalynda beýan edilen täze tehnologiýa Aýyň regolitini wakuumda 8 sagatlap 250°C-a çenli gyzdyrmakdan ybarat, şondan soň material sintez etmek üçin aerokosmiki klasly köp režimli mikrotolkunly peçe ýerleşdirilýär. Peçde regolit 10 minutlap 1080° C-a çenli gyzdyrylýar we soňra bolsa otag temperaturasynda sowadylýar. Netijede içi jaýryksyz berk kerpiç emele gelýär. Mikrotolkunda sintez etmek usulynyň artykmaçlygy onuň tizliginde, energiýa tygşytlylygynda we başga maddalary goşmagyň zerurlygynyň ýoklugyndadyr. Synaglar bu görnüşde öndürilen kerpiçleriň birmeňzeş dykyzdygyny, endigan öýjük-öýjükdigini we gysylanda berkdigini görkezdi. Bu tehnologiýa Aýda gurluşyk üçin täze mümkinçilikleri açýar, sebäbi gurluşyk materiallaryny Ýerden daşamagyň zerurlygy bolmazdan, gönüden-göni ýerinde öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu kosmosy özleşdirmek üçin zerur Aý bazalaryny we desgalaryny gurmaga mümkinçilik berer.