UEFA Ýewropa çempionaty – 2024-üň iň gowy goluny kesgitledi. Guramanyň tehniki synçylarynyň pikiriçe, ol Lamin Ýamalyň ýaryşyň ýarym finalynda Fransiýanyň derwezesine geçiren goly boldy. Ispaniýaly birinji ýarymda jerime meýdançasynyň daşyndan urandan soň, ilki ştanga degip, soň derwezä giren goly bilen tapawutlandy. Ikinji orny Jud Bellingemiň 1/8 finalyň Slowakiýa garşy oýnunda girizen goly eýeledi. Ol garşydaşynyň derwezesine goly üstaşyr saldy. Üçünji orun toparlaýyn tapgyrda Şotlandiýanyň derwezesine jerime meýdançasynyň daşyndan dokuzlyga urup, gol salan şweýsariýaly ýarym goragçy Jerdan Şakirä degişli boldy. Ýatlap geçsek, Ýewro-2024 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçirildi. Ýaryşyň finalynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Angliýany 2:1 hasabynda utdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir