IXBT-iň habar bermegine görä, Mersedes-Benz ikinji nesil GLC 300 4Matic wnedorožnikleriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Yza çagyrylmagynyň sebäbi - gurallar panelinde boltlaryň nädogry berkidilenligi, bu howsuzlyk ýassygynyň dogry işlemezligine ýa-da heläkçilik wagtynda bölekleriň bölünip aýrylmagyna sebäp bolup biler. Mundan başga-da, 12 woltlyk kömekçi elektrik gyzdyryjynyň gowşak birikdirilip, onuň ýangyn howpuny ýokarlandyrýandygy anyklandy. Öndürijiniň sözlerine görä, zawoddaky tamamlaýjy işleriň dowamynda ýol berlen bökdençlikler sebäpli dörän näsazlyklar azyndan 300 ulaga degişli boldy. Mersedes-Benz-iň amerikan bölümine bu näsazlyklar bilen baglanyşykly ulanyjylardan gelen şikaýatlar barada entek belli zat ýok. Mersedes-Benz-iň söwda dellallarynyň ulagyň näsaz ýerlerini gözden geçirip, kemçilikleri mugt düzetjekdigi bellendi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir