Hytaýyň JAC we Huawei kompaniýalary premial awtomobilleriň önümçiligi boýunça täze bilelikdäki brendi işe girizmäge taýýarlanýarlar. Ilkinji modeli – X6 kod atly miniweni ýylyň ahyryna çenli hödürlemek meýilleşdirilýär, ol 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykarylyp başlanar diýip, IXBT habar berýär. Täze kärhana bazarda lýuks awtomobilleri çykarmakda Maybach we Rolls-Royce ýaly uly ägirtler bilen bäsleşmegi göz öňünde tutýar. Miniweniň bahasy, takmynan, bir million ýuan (138 000 dollar) bolar. JAC bilen Huawei-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk HIMA (Harmony Intelligent Mobility Alliance) modeline esaslanýar, bu ýerde Huawei diňe bir intellektual kabinany we sürüjilik çözgütlerini hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem taslamalaşdyrmaga, önümçilige, satuwa we satuwdan soňky hyzmatlara hem gatnaşýar. JAC bilen Huawei-niň arasynda täze energiýada işleýän intellektual ulag serişdeler babatyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy 2023-nji ýylyň dekabr aýynda gol çekilen gününden başlap 10 ýyl möhlet bilen baglaşyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir