16-njy iýulda Aşgabat wagty bilen 18:26-da Günde güýçli partlama bolup geçdi, oňa X1.9 derejesi berildi. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär. Partlama tomus başlany bäri iň güýçlüsi hasaplanýar. Partlama SW-radio aragatnaşygynyň bozulmagyna getiren Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşdy. Günüň rentgen şöhleleriniň Ýeriň ionosferasyna täsir derejesi bäş bal şkala boýunça R3 (güýçli) derejä çenli ýokarlandy. Ýatlap geçsek, Gün partlamalary rentgen şöhleleriniň güýjüne baglylykda klaslara bölünýär. X klasly partlama has güýçli hasaplanýar. Partlamadan şöhleler ýagtylyk tizligi bilen Ýere tarap hereket edýär we atmosferanyň ýokarky gatlaklaryny ionlaşdyrýar, bu hem radio signallaryny peseldip ýa-da doly kesip bilýär. Bu partlama ýeterlik derejede güýçli bolsa-da, ol aşa hasap edilmeýär. Ondan soň Ýerde magnit tupanlary we demirgazyk şöhlelenmeleri bolup biler.