Nissan awtoulaglarynyň iki modeli - Versa we Altima-nyň önümçiligini bes edýändigini mälim etdi diýip, IXBT habar berýär. Markanyň iň elýeterli awtoulagy bolan Versa-nyň önümçiligi indiki ýyl bes ediler. Altima sedanynyň önümçiligi bolsa, 2026-njy ýylda bes ediler. Nissan-yň bu karary, has girdejili modelleriň, esasanam krossowerler we wnedorožnikleriň önümçiligini ýokarlandymak bilen baglanyşyklydyr. Versa we Altima-nyň önümçiliginiň bes edilmegi bilen, Sentra sedany Nissan hatarynyň ýeke-täk sedany bolup galar. Şeýle hem, hatarda Z sport awtoulagy, Leaf EV hetçbegi, Frontier pikapy we birnäçe krossowerler we wnedorožnikler galar. 2007-nji ýylda çykarylan Versa özüniň elýeterliligi bilen tanaldy. 2009-njy ýylda onuň 10 000 dollardan arzan bolan has amatly görnüşi hödürlendi. Sentra sedanynyň bahasy bolsa, Versa-nyň asyl wersiýasyndan 4500 dollar gymmatdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir