Redmi kompaniýasy ýakyn wagtda çykjak flagman Redmi K70 Ultra barada täze maglumatlary paýlaşdy diýip, ITHome habar berýär. Smartfon MediaTek Dimensity 9300+ prosessory bilen üpjün ediler, öndürijiniň aýtmagyna görä, bu prosessor AnTuTu-da 2,382 million bal gazandy we Snapdragon 8 Gen 3-däki köp flagmanlardan öndürijiligi has ýokarydyr. Smartfonyň Nvidia DLSS-e meňzeş goşmaça çipi, oýunlarda ýokary kadr ýygylygyny üpjün eder. Redmi K70 Ultra, 2 mm-den uly bolmadyk inçe çarçuwaly ekrana we täzeleniş tizligi 144 Gs bolan 1,5K durulykdaky OLED paneline eýe bolar. 3840 Gs-lik PWM dolandyryş ýygylygy bolsa, ekranyň ýalpyldawuklygynyň göze ilmezligine kömek eder. Smartfonda 120 Wt zarýad goldawy we kuwwatlylygy 5500 mAs akkumulýator bolar. Şeýle hem, Redmi K70 Ultra tozandan we suwdan IP68 gorag alar. Enjamyň ýokary wersiýasy 24 Gb operatiw we 1 TB fleş ýady bilen üpjün ediler. Esasy kamerada üç datçik bolar: 50 Mp (Light Hunter 800), 8 Mp we 2 Mp.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir