Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe resmi taýdan "Realyň" oýunçysy boldy. Furbolçy klub bilen 2029-njy ýyla çenli şertnama gol çekdi. Gol çekmek dabarasy şu gün klubuň prezidenti Florentino Peresiň gatnaşmagynda geçirildi. Dabaradan fotosuratlar klubuň resmi saýtynda paýlaşyldy. Şertnama gol çekişenlerinden soň, Mbappe "9-lyk" belgidäki köýnekçäni görkezdi. Futbolçynyň resmi tanyşdyrylyş dabarasy şu gün "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirilýär. Dabara klubuň saýtynda göni ýaýlymda tomaşa etmek bolýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir