Respublikan partiýasynyň gurultaýynda Donald Tramp resmi taýdan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär görkezildi. Bu barada ABC habar berýär. Ses berişlik resmi boldy, sebäbi Tramp eýýäm birnäçe aý bäri esasy dalaşgär hökmünde göz öňünde tutulýardy we partiýanyň içki saýlawlaryndan soň bäsleşikde galan ýeke-täk adamdy. Onuň dalaşgärligini delegatlaryň aglabasy goldady. Tramp mümkin bolan wise-prezident hökmünde Ogaýo ştatyndan senator Jeý Di Wensi saýlady. “Men köp pikirlenenimden soň (...) ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesine iň mynasyp adam beýik Ogaýo ştatyndan senator Jeý Di Wens diýip hasaplaýaryn” – diýip, Tramp Truth Social sosial ulgamynda aýtdy. Tramp şenbe güni Pensilwaniýada saýlawdan öňki duşuşykda janyna howp salmak synanyşygyna garamazdan, partiýanyň dört günlük gurultaýynyň açylyşyna gatnaşdy. Ýaragly erkek adam oňa sahnadan, takmynan, 200 metr aralykdaky üçekden sekiz gezek atmaga ýetişdi we syýasatçy gulagyndan şikes aldy. Netijede, ot açan adam howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ýok edildi. Türkmenistan hem beýleki birnäçe döwletler ýaly bu hereketi ýazgarma bilen çykyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir