Iňlis-amerikan startapy Freeaim wirtual hakykatda hereket etmek üçin özboluşly VR Shoes aýakgaplaryny hödürledi. Häzirki wagtda diňe korporatiw müşderileri üçin elýeterli bolan täze önüm elektrik rolikli konkileriň tehnologiasy boýunça işleýär. VR Shoes, ulanyjyny 2/2 metre çenli howpsuz zonada saklap, wirtual dünýäde howpsuz hereket etmäge mümkinçilik berýär diýip, New Atlas habar berýär. Her “aýakgap” öwrüliş platformalary bolan sekiz tigir, dolandyryş ulgamy we bir ýarym sagada çenli ulanmagy üpjün edýän batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr. VR Shoes-yň dizaýny aýakgaplaryň 2025-nji ýyla meýilleşdirilen sarp ediş wersiýasynyň çykmazyndan ozal has hem kämilleşdiriler. Öndürijiniň aýtmagyna görä, VR Shoes aýakgaplary SteamVR-i goldaýan ähli wirtual garnituralary bilen utgaşýar. Geljekde, ulanyjynyň adaty bolmadyk hereketlerini hem dogry okap biler ýaly, VR Shoes öz funksiýalaryny kämilleşdirer. VR Shoes-yň sarp ediş wersiýasynyň bahasynyň 1000 dollar töweregi bolmagyna garaşylýar.