2024-nji ýylyň iýun aýy gözegçiligiň tutuş taryhynda iň yssy aý we aýlyk temperatura rekordyny goýan yzygider 13-nji aý boldy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Howanyň üýtgemegi gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, BMG habar berýär. Iýun aýynda ortaça global temperatura industrialdan öňki döwre garanyňda 1,5 gradus ýokary boldy. Deňiz üstüniň ortaça temperaturasy bolsa rekord 20,85 gradusa ýetdi. Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretary Selesta Saulo wagtlaýyn 1,5 gradus ýokarlanmanyň Pariž şertnamasynyň howanyň gyzmagyny çäklendirmek maksadynyň hemişelik ýitirilendigini aňlatmaýandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol bug gazlarynyň zyňyndylarynyň dowam etmeginiň täze rekordlara we adatdan daşary howa şertleriniň güýçlenmegine getirjekdigini belläp geçdi. Iýun aýynda köp ýurtlar dowamly ýylylyk tolkunlary bilen ýüzbe-ýüz boldular, bu eýýäm häzir adamlaryň durmuşyna düýpli täsir edýär. Selesta Saulonyň aýtmagyna görä, demirgazyk ýarym şarda tomus yssysy iň ýokary derejä heniz ýetmedi we adatdan daşary has yssy döwürlere garaşylýar. Ylmy jemgyýet Selsiý boýunça 1,5 gradusdan gowrak gyzmanyň howanyň üýtgemeginiň betbagtçylykly netijelerine getirip biljekdigini we ýylamanyň her gradus böleginiň uly rolunyň bardygyny duýdurýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir