Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi. Bu barada döwlet Baştutany anna güni 2024-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet Mejlisinde belledi. Döwlet Baştutany mejlisde eden çykyşynda, ýurdumyz boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň umuman gowy bolandygyny aýtdy we ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça ýakyn günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi, hemişe bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir