Xiaomi kompaniýasy ulanyjylara tutuş ulgamyň mahabatyny bir düwme bilen öçürmäge mümkinçilik berýän HyperOS operasion ulgamynda täze bir aýratynlygy synap başlady diýip, SmartPrix habar berýär. Ozal Xiaomi smartfonlarynda mahabatlary öçürmek üçin ulanyjylar köp aýratyn sazlamalardan geçmeli bolýardy we bu iş uzak dowam edýärdi, irizýärdi. Täze aýratynlyk ähli ulgam programmalarynda mahabatlary öçürmek üçin ýekeje düwmä basmak arkaly işi ep-esli aňsatlaşdyrýar. Täze HyperOS aýratynlygy Xiaomi 13 Pro flagman modelinde synagdan geçirilýär. Aýratynlygyň köpçülige haçan hödürlenjegi entek belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir