OpenAI-niň baş direktory Sem Altman Arianna Haffington bilen bilelikde Thrive AI atly täze kompaniýa döretdi diýip, Gizmochina habar berýär. Thrive AI ulanyjynyň ukusy, iýmitlenişi, hereketleri, stressi we jemgyýetçilik gatnaşyklary baradaky maglumatlary derňemek üçin emeli aňy ulanýar. Soňra şol maglumatlara esaslanyp, ulgam saglygy kadalaşdyrmak üçin aýratyn teklipleri berýär. Kompaniýa Fitbit-iň öňki fitnes we saglyk bölüminiň başlygy DeKarlos Law ýolbaşçylyk eder. Thrive AI emeli aňly tälimçisini ylmy gözlegler, lukmançylyk maglumatlary we Stenford uniwersitetiniň Lukmançylyk mekdebi ýaly lukmançylyk edaralary bilen hyzmatdaşlyk arkaly işe taýýarlamagy meýilleşdirýär. Kompaniýa şahsy saglyk tälimini hemmeler üçin elýeterli etmek isleýändigini mälim etdi. Thrive AI ýygnalan maglumatlara doly gözegçilik etmek bilen ulanyjy maglumatlarynyň howpsuzlygynyň we gizlinliginiň ähmiýetini nygtaýar.