DreamWorks film kompaniýasy “Şrek” animasion filminiň bäşinji bölüminiň ilkinji görkeziljek senesini yglan etdi. Önümçilik kompaniýasynyň X sosial ulgamyndaky habarynda: "Beýle bir uzakda däl ... “Şrek 5” 2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda keşpleri Maýk Maýersiň, Eddi Mýorfiniň we Kemeron Diasyň janlandyrmagynda ekrana çykar" - diýilýär. Maýer franşizada baş gahryman – Şreke, Mýorfi - Eşege we Dias bolsa - şazada Fiona ses berdi. Franşizanyň öňki “Şrek ebedi” bölümi 2010-njy ýylda çykypdy. Şondan bäri janköýerler onuň gaýdyp gelmegine garaşýardylar, indi bolsa olaryň garaşany hasyl boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir