Samsung kompaniýasy Parižde geçirilen Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşynda täze eplenýän Galaxy Z Fold 6 we Z Flip 6 smartfonlaryny hödürledi. Gurluşlaryň ikisi-de öňki modeller bilen deňeşdirilende, sähel täzelenmä eýe bolsa-da, has kuwwatly, ýeňil we inçe boldy. Iki smartfon hem Qualcomm-dan Snapdragon 8 Gen 3 prosessory bilen üpjün edildi we Galaxy AI emeli aň mümkinçiliklerini goldaýar. Alýuminden bolan Samsung Galaxy Z Fold 6 biraz kiçeldi we has inedördül formaly täzelenen dizaýn bilen tapawutlanýar. Ekran has ýagty boldy, awtonom iş wagty bolsa ýokarlandy. Içerki ekranyň diagonaly 6,3 dýuým, ýagtylyk we durulyk bolsa, degişlilikde, 2600 nite we 2160x1856 piksele çenli artdyryldy. Smartfon geçenki model ýaly kameralary aldy. Ýöne suratlaryň hili emeli aň funksiýalarynyň kömegi bilen ýokarlandy. Akkumulýatoryň ölçegi öňküligine galdy – 4400 mAs, ýöne täze prosessoryň netijesinde awtonom iş wagty LTE ulanylanda bir sagat, wideo goýberilende iki sagat ýokarlandy. Galaxy Z Flip 6 ýygnalan görnüşde öňki wersiýa bilen deň, diňe 0,2 mm inçeldi. Smartfonda enjamyň eplenmegine/açylmagyna jogap berýän täze şarnir oturdyldy. Ol urga has çydamly bolup, wagtyň geçmegi bilen smartfona düşýän daşarky bölejiklerden goraga eýedir. Enjam has ýagty ekrana, bug kameraly kämilleşdirilen sowadyş sistemasyna we 4000 mAs sygymly akkumulýatora eýe boldy. Esasy kamera 50 Mp çenli täzelendi. Samsung Galaxy Z Fold 6 çal, gülgüne we gök reňklerde, Z Flip 6 bolsa gök, sary, çal we narpyz reňklerde elýeterlidir. Bahalar: Samsung Galaxy Z Fold 6 (12/256 GB) – 1 999 ýewro; Samsung Galaxy Z Fold 6 (12/512 GB) – 2 199 ýewro; Samsung Galaxy Z Fold 6 (12 GB/1 TB) – 2 359 ýewro; Samsung Galaxy Z Flip 6 (8/256 GB) – 1 339 ýewro; Samsung Galaxy Z Flip 6 (8/512 GB) – 1 466 ýewro.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir