Samsung kompaniýasynyň Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşynda esasy premýeralarynyň biri Galaxy Ring akylly ýüzügi boldy. Kompaniýa ony 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda anons edipdi, ýöne şol wagt bu täze önüm barada jikme-jik maglumat ýokdy. Indiki aý geçirilen MWC sergisinde bolsa kompaniýa ilkinji gezek aksessuary ýakyndan görkezdi. Titan erginden ýasalan bu ýüzük puls, dem alyş ýygylygy, uky döwri we ädim sany ýaly dürli saglyk görkezijilerini yzarlamaga ukyplydyr. Galaxy Ring ýürek ýygrylmasynyň ýygylygyny ölçemek üçin optiki datçik PPG hem-de beden temperaturasynyň datçigi bilen üpjün edildi. Samsung Galaxy Ring Bluetooth LE 5.4 arkaly diňe Android 11-iň ýa-da ondan soňky wersiýalaryň dolandyrmagynda işleýän Galaxy smartfonlaryna birigýär. Munuň üçin Samsung akkaunty we Samsung Health goşundysy gerek – goşmaça tölegli ýazylyşyk talap edilmeýär. Gurluş el hereketleri bilen Samsung smartfonyny dolandyrmak, mysal üçin, surata düşürmek ýa-da budilnigi öçürmek üçin ulanylyp bilner. Ýüzük IP68 goragyna we 10 atm çenli suw geçirmezlige eýedir – ony islendik howa şertlerinde, şeýle-de suwda ýüzülen wagty dakynmak bolýar. Gajet Samsung Find bilen gabat gelýär we ol ýiten ýagdaýynda oturdylan yşyk diodly indikatorlar arkaly signal berip bilýär. Ýüzügiň akkumulýatorynyň sygymy onuň ölçegine bagly: iň kiçi modeller 6 güne, uly modeller 7 güne çenli işleýär. Zarýad beriş futlýaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Samsung Galaxy Ring üç reňkde: gara, kümüşsöw we altynsow reňklerde elýeterlidir. Onuň bahasy 399,99 dollar. Öň, Ice Universe insaýderi dokuz ölçegde Samsung Galaxy Ring akylly ýüzüginiň suratyny paýlaşdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir