Parižde Samsung Galaxy Unpacked çäresi geçirildi we onda günorta koreýaly tehnologiýa ägirdi köp sanly täze önümleri hödürledi. Galaxy Watch 7 Series Akylly sagatlaryň täze nesli Galaxy Watch 7 özboluşly dizaýna eýe boldy. Esasy wersiýa alýumin korpusly we ýakut aýnaly iki ölçegde (40 mm we 44 mm) hödürlendi. Galaxy Watch 7 Ultra (47 mm) premial modeliniň titan korpusy bar. Galaxy Watch 7 täze Exynos W1000 prosessoryna, 2 GB operatiw ýada we 32 GB ýada eýe boldy. Premial model Ultra-da 590 mAs sygymly akkumulýator oturdyldy, adaty wersiýalarda akkumulýatoryň sygymy – 300 we 425 mAs. Sagatlar hem IP6X, IP68 we MID STD 810 H ülňülerine laýyklykda tozandan we suwdan goraga eýe boldular. Funksiýalaryň arasynda beden görkezijilerini takyk yzarlamak üçin BioActive Sensor datçigi, emeli aňyň kömegi bilen uky seljerişi we ukuda apnoe alamatlaryny anyklaýyş funksiýasy bar. Baha: Samsung Galaxy Watch 7 – 299 dollardan başlaýar; Samsung Galaxy Watch 7 Ultra – 649 dollar. Galaxy Buds3Nauşnikleriň täze nesli täzelenen dizaýn bilen tapawutlanýar. Galaxy Buds3 Pro kämilleşdirilen ses bilen täze draýwerlere, adaty režimde zarýad bermezden 7 sagada we galmagaly ýatyrma bilen 6 sagada çenli awtonomlyga eýe boldy. Galaxy Buds3, öz gezeginde, reňk gammasy boýunça täzelendi. Ol zarýad bermesiz galmagaly ýatyrma bilen 5 sagat, onsuz 6 sagat işleýär. Her nauşnige yşyk diodly zolak goşuldy. Şeýle indikator zarýady görkezmek üçin gerek, ýöne ony öçürmek bolýar.