Samsung kompaniýasyna ABŞ-nyň smartfon bazarynda Apple-den öňe geçmek başartdy. CIRP analitikleri 2024-nji ýylyň mart aýyna çenli, bir ýyldaky satuw barada maglumatlary hödürlediler. Görnüşi ýaly, bu döwürde Samsung bazaryň 38%-ini, Apple 33%-ini eýeledi. Beýleki kompaniýalar öňdebaryjylardan has yza galýarlar, ýöne Motorola-nyň beýlekilere garanda paýy ulurak – 13%, Google hem 6% paýy eýeleýär. Galan brendler umumylykda diňe 10%-i emele getirýärler. Ýöne flagman segmentinde Apple öňde barýar. Bu ýerde kompaniýanyň umumy satuwynyň 64%-i Samsung-yň 42%-ine garşydyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir