Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy we ol kompýuterleriň işinde bökdençlige sebäp bolýar. Windows 11 ulanyjylarynyň köpüsi 2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda çykan KB5039302 täzelenmesini gurnandan soň düýpli meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Apdeýtden soň olaryň kompýuterleri tükeniksiz “gaýtadan işe girizmeler” (перезагрузка) prosesine düşdi, bu hem kompýuteriň ulanylmagyny mümkin däl ýagdaýa getirdi. Microsoft bu näsazlygy tassyklady we onuň Windows 11 22H2 we 23H2 wersiýaly sistemalara täsir edýändigini aýtdy. Kompaniýa meseleli täzelenmäni ýaýratmagyny togtatdy, ýöne heniz çözgüt tapmady. Näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan ulanyjylara KB5039302 täzelenmesini wagtlaýyn aýyrmak maslahat berilýär. Microsoft düzedişiň haçan çykjakdygyny aýtmady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir