Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dileri bolan Garagum Ulag kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigini tanyşdyrdy. Tanyşdyryş çäresi Toyota-nyň Aşgabatdaky dilerlik merkezinde geçirildi. Şanly wakanyň hormatyna Garagum Ulag owadan Ýangy gala kanýonynda surata düşürilen wideony hödürledi. Çärä türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de diplomatik edaralaryň işgärleri gatnaşdy. Awtoulag kuwwaty 281 at güýji bolan 2,4 litrlik hereketlendiriji we 8-diapazonly awtomatik hereket geçiriji guty, hemişelik doly herekete getiriji sistema bilen enjamlaşdyryldy. Täze awtoulagyň tanyşdyrylyşyndan başga-da, täzelenen Toyota şourumynyň dabaraly açylyşy boldy. Land Cruiser Prado onlarça ýyl bäri ygtybarlylygyň we ýokary derejede geçijilik ukybynyň nyşany bolup galýan meşhur modeldir. Täzelenen wersiýasynda Toyota inženerleri awtomobiliň iň gowy häsiýetlerini saklap galyp, ony has kämilleşdirdiler. Täzelenen Prado – bu kuwwatly hereketlendiriji, rahat salon, etalon ygtybarlylyk we islendik ýoly kynçylyksyz geçmek ukybydyr. Bu model ýokary hile we rahatlyga baha berip bilýänler tarapyndan saýlanýar. Garagum Ulag kompaniýasy täze awtoulagyň Türkmenistanyň bazarynda mynasyp orun eýelejekdigine ynanýar. Habarlaşmak üçin: Salgysy: Aşgabat ş., Oguz han köçesi 7/А; Telefon: +993 12 43 70 57; Instagram: toyota_gu