ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary milli müdirligi (NASA) Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy bilen kosmos gämisini (ABŞ Deorbit Vehicle) işläp taýýarlamak we gurmak üçin şertnama baglaşdy. Apparat hyzmat möhleti gutarandan soň, Halkara kosmos stansiýasyny (HKS) orbitadan ygtybarly aýyrmak üçin dörediler. Şertnamanyň bahasy 843 million dollara çenli, ýöne başlangyç-uçuryş çykdajylaryny öz içine almaýar. SpaceX gäminiň işlenip taýýarlanyşyna we gurluşyna jogap berer, NASA bolsa ony tutuş missiýanyň dowamynda dolandyrar. Meýilnamalaşdyrylyşyna görä, US Deorbit Vehicle HSK bilen biriger, şondan soň iki stansiýa hem orbitadan aýrylyp, Ýeriň atmosferasynda ýok ediler. "SpaceX agzalan kosmos gämisini işläp taýýarlar, NASA bolsa gurlandan soň ony öz eýeçiligine alar we missiýa wagtynda dolandyrar" – diýip, NASA-da düşündirdiler. HKS-yň azyndan 2030-njy ýyla çenli hyzmat etmegine garaşylýar. NASA stansiýanyň şu seneden soň hem işlemegini dowam etdirip biljekdigine ynanýar. Bu karar 2030-njy ýyla çenli Axiom, Orbital Reef we Sierra Space ýaly täjirçilik kosmos stansiýalarynyň taslamalarynyň ösüşiniň haýsy tapgyrda boljakdygyna bagly.