LVMH konglomeratynyň eýesi, fransuz milliarderi Bernar Arno Cartier, Chloé we Van Cleef & Arpels ýaly brendlere eýe bolan, Şweýsariýanyň kaşaň Richemont kompaniýasyndan paý aldy. Geleşigiň bahasy we paýynyň möçberi aýan edilmedi diýip, Bloomberg ýazýar. Seljerijiler kaşaň zatlaryň iň iri öndürijisi LVMH-iň ýolbaşçysynyň şeýtmek bilen Tiffany we Bulgari (LVMH-iň eýeçiligindäki) brendlerini Cartier we Van Cleef & Arpels (Richemont) bilen birleşdirip, özüniň şaý-sepler segmentindäki ornuny berkitmäge çalyşýandygyny çaklaýarlar. Richemont-yň gözegçilik paýnamasynyň eýesi Ýohann Rupert ozal birleşmek baradaky myş-myşlary ret edip, “haýsydyr bir geleşik bilen gyzyklanmaýandygyny” aýdypdy. Ol konglomeratlaryň özara gepleşik geçirýändigini we birek-biregiň özygtyýarlylygyna hormat goýýandygyny aýdypdy. Arnonyň özi žurnalistlere Richemont bilen baglanyşykly “geljek üçin ideýalarynyň” bardygyny aýtdy. Maýa goýumçylar Arnonyň Richemont-dan paý satyn alnandygy baradaky habara umytly garadylar, kompaniýanyň paýnamalary 4% gymmatlady. Bernar Arno Ýewropanyň iň baý adamy, Forbesiň baha bermegine görä, onuň baýlygy 197 milliard dollar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir