YouTube wideo hyzmaty programmanyň ykjam wersiýasyna uky funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýär. Bu ulanyjylara wideo görüp uklap galsa, batareýanyň güýjüni we internet-trafigi tygşytlamaga mümkinçilik berer diýip, Android Authority portaly ýazýar. Täze aýratynlyk indiki programma täzelenmesinde elýeterli bolar. Ulanyjylar taýmeri düzüp bilerler, wagt bolanda görlüp oturylan wideo togtadylar we smartfonyň ekrany garaňky bolar. Programma taýmeriň näçe wagtdan işläp başlajakdygy barada habarnamalary iberer we ulanyjy wideonyň dowamyny tomaşa etmek islese, ony täzeden düzmäge mümkinçilik berer. Geljekde YouTube-da, YouTube Music-de eýýäm işläp ugran programmadaky ýaly, wideo tamamlananda görkezişi togtatjak “wideonyň soňy” aýratynlygy bolar diýlip garaşylýar. Häzirki wagtda uky taýmeri, YouTube Music we Spotify ýaly, köp sanly aýdym-saz programmalarynda eýýäm bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir