Tesla kompaniýasy aýna süpürgiçlerindäki kemçilikler sebäpli 11 688 sany Cybertruck elektrik pikapynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, aýnanyň näsaz süpürgiçleri ýoluň görünişini peseldip, heläkçiligiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler diýip, Reuters habar berýär. Mundan başga-da, Tesla awtoulagyň yzyndan gelýän ulaglaryň sürüjilerine howp salyp biljek, gowşamagy mümkin ýükdanyň berkidilişindäki kemçilikler sebäpli ýene 11 383 Cybertrucks-y yzyna çagyrýar. Bu Tesla Cybertruck-yň ilkinji yzyna çagyrylyşy däl. Aprel aýynda kompaniýa ulagyň gaz pedalyndaky näsazlyklar, fewral aýynda bolsa, poslamaýan polatdan ýasalandygy habar berilse-de, kuzowdaky poslama sebäpli 4000 töweregi awtoulagy yzyna çagyrypdy.