2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary tamamlandy. E toparçada Ukrainanyň milli ýygyndysy Belgiýa bilen utugy paýlaşdy (0:0). Slowakiýa we Rumyniýa hem deňme-deň oýnady (1:1). Slowakiýalylardan Ondreý Duda gol geçirdi (24-nji minut), rumyniýalylardan Rezwan Marin tapawutlandy (37, penaltiden). Toparçanyň dört toparynyň ählisi 4 utuk gazandy, ýöne ukrainalylar geçirilen we sypdyrylan gollaryň tapawudy sebäpli soňky orunda ýerleşdiler – 2:4 (-2). Şonuň üçin Ukrainanyň milli ýygyndysy ýaryşdaky çykyşyny tamamlady, galan toparlar 1/8 finala çykdylar. Rumyniýa birinji, Belgiýa ikinji, Slowakiýa üçünji orny eýeledi. F toparçanyň oýnunda Gruziýa Portugaliýany utup (2:0), pleý-offa çykdy. Gollary Hwiça Kwarasheliýa (2) we Žorž Mikautadze (57, penaltiden) girizdi. Bu toparçanyň beýleki bir oýnunda Türkiýe Çehiýany 2:1 hasabynda utdy. Türk toparyndan Hakan Çalhanoglu (51) we Jenk Tosun (90+4), çehiýalylardan Tomaş Souçek (66) tapawutlandy. 20-nji minutda Çehiýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Antonin Barak ikinji sary duýduryş üçin meýdançadan çykaryldy. Ýene bir gyzyl duýduryşy sporta gelişmeýän hereketi üçin final jürlewüginden soň çehiýaly hüjümçi Tomaş Hory (90+8) aldy. Netijede, bu toparçadan pleý-offa Portugaliýa (6 utuk), Türkiýe (6) we Gruziýa (4) çykdy. Çehiýa (1) ýaryşdan aýryldy. Şeýlelik bilen, 1/8 finalda oýnajak ähli jübütler belli boldy: Şweýsariýa – Italiýa (29-njy iýun, Berlin); Germaniýa – Daniýa (29-njy iýun, Dortmund); Ispaniýa – Gruziýa (30-njy iýun, Kýoln); Angliýa – Slowakiýa (30-njy iýun, Gelzenkirhen); Portugaliýa – Sloweniýa (1-nji iýul, Frankfurt-na-Maýne); Fransiýa – Belgiýa (1-nji iýul, Dýusseldorf); Rumyniýa – Niderlandlar (2-nji iýul, Mýunhen); Awstriýa – Türkiýe (2-nji iýul, Leýpsig).

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir