Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň inçekesele garşy bejergini meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan hünärmenleri Minskide ýörite okuw geçdiler. Okuw Pulmonologiýa we ftizitariýa respublikan ylmy-amaly merkeziniň ýanyndaky BSGG-niň inçekeseli bejermek üçin täze dermanlary we düzgünleri ornaşdyrmak boýunça merkezinde geçirildi. Okuw maksatnamasy häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny we BSGG-niň täze maslahatlaryna laýyklykda inçekeseli ýüze çykarmak, bejermek we onuň öňüni almak boýunça täze çemeleşmeleri göz öňünde tutup, inçekesele garşy göreş maksatnamasynyň esasy ugurlaryny öz içine aldy. Okuwyň netijesinde oňa gatnaşanlar inçekesel hyzmatlaryny meýilleşdirmek, durmuşa geçirmek we gözegçilik etmek boýunça bilim aldylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir