Dünýäniň abraýly howaýollarynyň biri bolan Katar Howaýollary («Qatar Airways» ) Skytrax World Airline Awards-yň 2024-nji ýyldaky ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bu baýragyň 25 ýyllyk taryhynda Katar Howaýollarynyň şeýle ýokary derejä, 2011-nji ýyldan bäri, eýýäm, sekizinji gezek mynasyp bolýandygydyr. 2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Londonyň Heathrow howa menziliniň golaýyndaky «Fairmont Windsor» seýilgähinde geçirilen gala dabarasynda şu ýylyň iň gowy howaýollary yglan edildi. Bu gezekki çärä dünýädäki awiakompaniýalardan 325-den gowrak myhman gatnaşdy. Olaryň arasynda awiakompaniýalaryň baş direktorlary, prezidentleri we ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bar. «Skytrax», dürli awiakompaniýalar we howa menzilleri tarapyndan berilýän hyzmatlaryň hilini öwrenmekde ýöriteleşen Iňlis hususy maslahat beriş kompaniýasydyr. Ol 1989-njy ýylda esaslandyryldy. Dürli ýolagçy gözlegleriniň esasynda 210-dan gowrak awiakompaniýa we 65 howa menzili barada giňişleýin maglumat alyp bolýar. «Awiasiýa pudagynyň Oskarlary» diýlip atlandyrylýan Bütindünýä howa ýollary baýraklary bolsa 1999-njy ýylda esaslandyryldy we şondan bäri her ýyl yzygiderli geçirilip gelinýär. Maliýe-guramaçylyk işleri «Skytrax» tarapyndan ýola goýlan bu baýraklaryň ýeňijisini kesgitlemekde adalatly baha bermelere daýanýarlar. Kataryň Howaýollary «2024-nji ýylyň Dünýäniň iň gowy howaýoly» diýlip yglan edilmeginden başga-da, «Dünýäniň iň gowy biznes-klasy», «Dünýäniň iň oňat biznes-salony» we «Ýakyn Gündogaryň iň gowy howaýollary» ýaly iň ýokary baýraklary hem almagy başardy. Şu ýylyň başynda Katar Howaýollarynyň esasy iş merkezi bolan Hamad halkara howa menzili 2024-nji ýylda «Dünýäniň iň gowy howa menzili» baýragyny, şeýle hem onunjy gezek «Ýakyn Gündogaryň iň gowy howa menzili» diýen baýragy hem alypdy. Katar Duty Free hem-de beýleki söwda nokatlary, howa menzilindäki restoranlar we ol ýerdäki hyzmatyň hiliniň ýokary derejesi üçin bu halkara howa menzili «Dünýäde söwda üçin iň gowy howa menzili» baýragyna hem mynasyp boldy. Ikinji ýere bu baýragyň geçen ýylky ýeňijisi Singapur Howaýollary, üçünji ýere bola «Emirat» howaýollary mynasyp boldular.