Braziliýada Parvosuchus aurelioi adyny alan gadymy süýrenijiniň galyndylary tapyldy. Häzirki zaman krokodilleriniň kowumdaşy, psewdozuhiýler toparyna degişli bolan bu haýwan 237 million ýaşly diýip, Phys.org neşirinde çap edilen makalada aýdylýar. Täze görnüşiň ady parvus (kiçi) we surus (krokodil) sözlerinden gelip çykýar. Santa Mariýa formasiýasynda tapylan galyndylar kelläni, oňurgany, çanaklygy we el-aýaklary öz içine alýan bölekleýin saklanyp galan skeletden ybaratdyr. Parvosuchus aurelioi uzynlygy 1 metrden geçmeýän uly bolmadyk göwresi bilen tapawutlanýar. Uzynlygy 14,4 santimetre ýetýän kelleçanagynda uzyn äňleri bilen yza egrelip duran ýiti ýiti dişleri bardy. Dinozawrlaryň agdyklyk etmezinden ozal, psewdozuhiler Trias eýýamynda (252–201 million ýyl ozal) gadymy dört aýakly süýrenijileriň umumy görnüşi bolupdyr. Mundan başga-da, olaryň käbir görnüşleri şol döwrüň iň uly ýyrtyjylary bolupdyr. Grasilizuhidler diýlip atlandyrylýan kiçi psewdozuhiler bu uly ýyrtyjylaryň ýanynda ýaşapdyrlar we öň olar Hytaýda we Argentinada tapylypdy. Alymlar bu açyşyň, dinozawrlar agdyklyk etmezinden ozal, Trias eýýamynda psewdozuhileriň dürlüligini görkezýändigini nygtaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir